08/01/2026
130
Breýn-ring bäsleşigi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda breýn-ring bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Bitarap Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ýaşlar syýasatynda ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, olarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak, döredijilik endiklerini we başarnyklaryny güýçlendirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we zehinli ýașlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda breýn-ring bäsleșigini geçirmek boýunça Düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy.
1. Bäsleşigiň maksady
1.1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji başlangyçlarynyň many-mazmunyny talyp ýaşlaryň arasynda düşündirmek, ýurdumyzyň daşary syýasatyny we halkara ykdysady ýagdaýlaryny ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmakdan, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan;
1.2. Talyp ýaşlaryň ylym-bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden, dünýägaraýyşlaryny artdyrmakdan;
1.3. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmakdan we ol gatnaşyklary has-da ösdürmekden ybarat.
2. Bäsleşigiň geçiş tertibi
2.1. Bäsleșigiň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty çykyş edýär;
2.2. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýär;
2.3. Bu bäsleșige her ýokary okuw mekdebinden 6 (alty) sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşar;
2.4. Bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjylar tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçiriler (her soraga 1 minut wagt berilýär);
2.5. Breýn-ring bäsleşigi sorag-jogap görnüşinde bolar. Bitaraplyk syýasaty barada umumy we logiki sowallar berler;
2.6. Bäsleșigiň netijeleri emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlenýär.
3. Bäsleșigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
3.1. Bäsleșigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň eminler topary tarapyndan kesgitlener;
3.2. Bäsleşigiň ýeňijileri “Baş baýrak”, I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar. Şeýle hem bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara maslahata we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bäsleşigiň geçiși baradaky ähli maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web-saýtynda: iirmfa.edu.tm ýerleşdirilýär.
Guramaçylyk topary
+99363002105
surayaa1807@gmail.com
Latest News
24/12/2025
Bäsleşigiň netijeleri jemlendi
23/10/2025
Esse ýazmak bäsleşiginiň netijeleri