Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Events / Breýn-ring bäsleşigi geçirildi
    Breýn-ring bäsleşigi geçirildi surady
    15/06/2024

    1228

    Breýn-ring bäsleşigi geçirildi

    Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu ugurdan talyplaryň sowatlylygyny artdyrmak, düşünjelerini ösdürmek maksady bilen bäsleşiklerdir olimpiadalar geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi hem munuň bir mysalydyr. Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
    Bäsleşikde Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky gatnaşyklar, guramanyň döreýiş taryhy, onuň ähmiýeti baradaky sowallar berildi. Munuň üçin 10 sany topar özara bäsleşdi. Jemi 50 soragy çözmek üçin, oňa şonça minut wagt berildi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň, üçünji orny Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplar toparlary eýelediler.
    — Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak bilen bagly geçirilýän işleriň netijesinde, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bu guramada synçy hukuk derejesi berildi. 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň arzasy makullanyp, ýurdumyza goşulýan ýurt, ýagny «işjeň synçy» derejesini bermek barada karara gelindi. Döwletimiziň BSG-ä agza bolmagy bilen bagly işler «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-nji ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenendir. Ol ýurduň halkara söwda gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, bu gurama agza ýurtlaryň bazarlaryna harytlary we hyzmatlary eksport etmek üçin şertleriň gowulanmagyna, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam eder. Bu babatda talyplaryň arasynda şeýle bäsleşigiň geçirilmegi olaryň bu ugurdaky bilim-düşünjelerini has-da artdyrmaklaryna şert döredýär — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew gürrüň berdi.
    Ýeňijilere diplomlar we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

    Aýlar ATAJYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Çeşme: Türkmenistan. - 15.06.2024 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)

    Latest News

    CREATIVE FESTIVAL “TALYP JOŞGUNY-2025” surady

    22/05/2025

    CREATIVE FESTIVAL “TALYP JOŞGUNY-2025”
    AN EXCURSION DEDICATED TO THE HOLIDAY surady

    22/05/2025

    AN EXCURSION DEDICATED TO THE HOLIDAY
    EXCURSION TO HISTORICAL MONUMENTS FOR INTERNATIONAL GUESTS surady

    13/05/2025

    EXCURSION TO HISTORICAL MONUMENTS FOR INTERNATIONAL GUESTS
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI