125
BIRAÝLYGA BAGYŞLANAN DIWAR GAZETI
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň, şeýle-de institutyň “Ýaş alymlar” geňeşiniň guramagynda ýol hereketi bilen baglanyşykly biraýlygyň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen talyplar tarapyndan diwar gazetleri taýýarlanyldy. Onda Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýän, ýolda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýän, raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen kanunyň kadalary barada taýýarlanylan maglumatlar ýerleşdirildi.
2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilip, jemgyýet üçin aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak zerurdyr. Biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Ajaýyp zamanamyzda jemgyýetiň asudalygyny we saglygyny goramak babatynda oňyn döwlet syýasatyny alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maksat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News

26/09/2025
A YOUTH TRAINING WAS HELD