27
Bäsleşikleriň jemi jemlendi
2025-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» atly hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemine bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Täsirli geçen maslahata gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» aýdym-saz toparynyň çykyşlary dabaraly maslahata aýratyn milli öwüşgin çaýdy. Täsirli geçen çäräniň dowamynda bilelikde yglan edilen döredijilik bäsleşikleriň ýeňijilerine Diplomlardyr, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, taýsyz tagallalary bilen özgerýän Diýarymyzyň bedew batly köpugurly ösüşleri, halkymyzyň eşretli durmuşy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza we dünýä türkmenlerine eçilen beýik bagty, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Mähri Nuryýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Latest News

