Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Arzuwlaryň zandynda hasyl bolmak bar
    Arzuwlaryň zandynda hasyl bolmak bar surady
    02/09/2023

    1023

    Arzuwlaryň zandynda hasyl bolmak bar

    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
    — Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag – ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň,
    lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, arabylaryň, merwezileriň, amulylaryň,
    zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn.

    Wysallaryň ak köşgüne yhlas atly ýodalar alyp barýar. Eziz Watanymyz ynsanlaryň arzyly maksatlarynyň myrat tapýan ýurdy. Bu jenneti mekan ülkede ýaşap, onuň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, abraý-mertebesini Ýer ýüzünde has-da belende galdyrmak her bir türkmen raýatynyň baş maksady bolup durýar. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna talyplyga kabul edilen — diplomatiýany özlerine hünär edinip, eziz Diýarymyzyň hyzmatynda gaýym durjak bagtyýar talyplaryň hatarynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akylpaýhas bäsleşiginiň ýeňijilerini görmek örän buýsançly. Olar arzyly pellehana menzilme-menzil ýetip geldiler...
    Badalga alan gününden bäri gerimi barha giňeýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli okuwçy ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň müňlerçesini kitaba imrindirip, bilim ýoluny arçaýar. Bäsleşigiň I möwsümi türkmen döwletleriniň taryhyny öz içine alýan sowalnamalardan düzülen bolsa, II möwsümde taryhda bolup geçen bäş siwilizasiýadan habar soraýan sowalnamalar boýunça ýaş çaparlar güýç synanyşdylar. II möwsümde oňa gatnaşyjylar bäsleşigiň täze goşulan şerti — soraglara iňlis dilinde kämil, takyk jogap bermegi-de başardylar. Bu bolsa türkmen diplomatiýasynyň geljegi bolan ýaş çaparlaryň dil taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezdi.
    Öňümizde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan III möwsüm. Bu möwsümiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar astynda geçirilmegi, eýýämden oýnuň beýlekilerden görnetin tapawutlanyp, şahyrana, täsirli geçjeginden habar berýär. Berilýän soraglar diňe maglumat häsiýetli bolman, logiki pikirlenmegi hem talap edýär. Bäsleşik üçin saýlanyp alynýan temalar, teklip edilýän edebiýatlar oýna gatnaşyjylara taýýarlyk döwründe bilimlerini artdyrmaga, dürli döwletleriň diplomatik däpleri, medeniýeti, syýasat bilen has ýakyndan tanyşmaga itergi berýär. Bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolan ýaş diplomatlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň «Ak öý» binasynyň bezeginiň oýunlaryň temasy bilen utgaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr.
    Ökdeleri öňe saýlaýan bu bäsleşikde guramaçylyga jogapkär mugallymlaryň, baý tejribe goruna eýe emin agzalarynyň uly orny bar. Belläp geçmeli zatlaryň biri-de, I möwsümde ýeňiji bolan ýaş çaparlar II möwsümiň gatnaşyjylaryny talyp bolup garşy aldylar. Bäsleşige gezekli-gezegine alypbaryjylyk eden ýeňiji talyplar oýnuň guramaçylygynyň aglaba bölegini höwes bilen öz gerdenlerine aldylar. Bu oýnuň girim-çykymyndan habarly ýeňiji talyplar bäsleşige gatnaşýanlaryň tolgunmalaryny deň paýlaşdylar.
    2023-2024-nji täze okuw ýylynyň bosagasynda parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň 11-isi döşleri medally institutyň gapysyndan ätlediler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aglabasynda talyplyk buýsanjyny okyjylar köpçüligi bilen paýlaşan ýaş çaparlar indi halkaraçy hünärmenler bolup ýetişmäge aýgytly gadam urýarlar. Olaryň arasynda bäsleşigiň iki möwsümine gatnaşanlary-da bar. Halkymyzda «Ýykylan göreşden doýmaz» diýilýär. Ýöne Yhlas birinji möwsümde hem ýykylmandy. Ol arzyly I orny eýeledi. Bellenen menzil Baş baýrak bolansoň, Yhlas yhlas etdi. Bu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde biz Yhlas bilen bir hatarda, eginleri «Talyp – 2023» ýazgyly ýene-de 10 sany «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň ýeňijisini talyplyk bagty bilen gutladyk. Goý, parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň al-asmanda perwaz urýan ak kepderiler kimin ýollary ak bolsun!

    Aýşirin DÖWLETOWA,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI