Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / News / Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    Arzuwlarym hasyl boldy
    09/08/2024

    2225

    Arzuwlarym hasyl boldy

    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige, ony kämilleşdirmeklige aýratyn üns berýär. Bu ugurda kabul edilýän kararlar, ajaýyp çözgütler türkmen ýaşlarynyň çuňňur bilim alyp, ökde hünärmen bolup ýetişmekleri üçin uly ýardam edýär.
    Men hem ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. 2024-nji ýylda men türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly şygar astynda geçirilen III möwsüminiň Baş baýragyna hem-de Göçme kuboga mynasyp boldum. 2023-2024-nji okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ady bilen mekdep okuwçylarynyň geçirilen arasynda ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iňlis dili dersi boýunça 3-nji orna mynasyp bolmagy başardym.
    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda talyp bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda şeýle uly bagta miýesser bolmak meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, maňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. «Hünärli hor bolmaz» diýlişi ýaly, hünär ynsanyň ýaraşygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz her bir raýatyň saýlan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyna, öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmegine giň mümkinçilikleri döredip berýär. Men hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödäp, saýlap alan hünärim boýunça kämil bilim alyp, ilimize-günümize gerekli hünärmen bolup ýetişmegi öz öňümde maksat edip goýýaryn.
    Ýurdumyzda her bir ýaş nesliň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegi, ylymly-bilimli bolmagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Aýlar JUMAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň
    III möwsüminiň baş baýragynyň eýesi.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://education.gov.tm/news-details/778

    Latest News

    CELEBRATIONS HELD IN HONOR OF WORLD BICYCLE DAY surady

    03/06/2025

    CELEBRATIONS HELD IN HONOR OF WORLD BICYCLE DAY
    COMPETITION “MULTILINGUALISM AS A KEY TO EFFECTIVE COMMUNICATION” WAS HELD surady

    03/06/2025

    COMPETITION “MULTILINGUALISM AS A KEY TO EFFECTIVE COMMUNICATION” WAS HELD
    AN ONLINE SEMINAR ON INTERNATIONAL CHILDREN’S DAY  WAS HELD surady

    02/06/2025

    AN ONLINE SEMINAR ON INTERNATIONAL CHILDREN’S DAY WAS HELD
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI