Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Young Messengers of Peace / Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi surady
    03/11/2022

    1162

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekdäki oýny «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly tema bagyşlanyldy.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Bezirgen Ataýew, Annamuhammet Ataýew, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Meýlis Aşyrow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa, Akhumaý Çaryýewa, Kadyrmyrat Öwezgylyjow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jahan Ýaýlymowa hem-de Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Allanur Hudaýnazarow gatnaşdylar.
    Bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Ata Nuryýew dagylar adalatly eminlik etdiler.
    Bäsleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň ussat artistleriniň Horezmşalar döwletine degişli taryhy pursatlary sahnalaşdyrmaklary oýnuň tasirliligini has-da artdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalaryň gelen netijesine görä Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa hem-de Kadyrmyrat Öwezgylyjow ýeňijiler diýip yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan şeýle-de oňa gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan degişli şahadatnamalar we hemaýatkärler tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan » hususy kärhanasy hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

    Aýlar Atajykowa,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

    Çeşme şu ýerden alnan:

    https://www.atavatan-turkmenistan.com/akyl-payhas-baslesiginin-nobatdaky-oyny-gecirildi-2/

    Latest News

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced surady

    07/05/2025

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced
    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING  POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN” surady

    25/04/2025

    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN”
    Finalists of the Intellectual Competition Announced surady

    25/04/2025

    Finalists of the Intellectual Competition Announced
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI