25/07/2026
93
AKAR SUWUŇ AÝDYMYNA DIŇ SALYP (publisistika)
Asuda asmandan inip, mele topragy gandyrýan ýagyş damjalarynyň, joşup akýan tereň derýanyň, aňyrsyna göz ýetmeýän gojaman deňziň, dag jülgesinden şildiräp gaýdýan çeşmäniň owazyna bir pursat diň salyň! Onda göwnüňe giňlik berip, ýüregiňi heýjana getirýän heňi eşidersiňiz. Bu mukam — tebigaty gülledip, ýaşaýşymyzy özgerdýän suwuň köňle aram berýän keramatynyň aýdymy. Bu mukam — parahat durmuşyň owazy. Paýhasy goýazy ata-babalarymyzyň: «Suw — zer, suwçy — zergär» diýip, oňa aýratyn hormat goýmagynda hem çuňňur many bar. Taryhyň dowamynda pederlerimiz suwy altyna deňäp, onuň ýeke damjasyny-da yrýa etmezlige çalşypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, tygşytlaýjy usullary ulanmak, bu babatda ylmy esasda halkara tejribesiniň gazananlaryny suw hojalygyna ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurlary bolup durýar. Ýakynda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Essalawmaleýkim, suw aga!»
Awtobusda nurana ýüzli bir ýaşuly bilen Garagum derýasynyň üstünde gurlan köprüden geçip barýardyk. Şol pursat ol goja ýagşy doga-dilegler edip, ellerini ýüzüne syldy. Men hem onuň hereketini gaýtaladym. Şonda ýaşuly gunduz ýaly ak sakgalyny sypalaga-da: «Oglum, näme üçin suwuň üstünden geçeniňde dileg edilýär, munuň sebäbini bilýärmiň?!» diýip, sowally nazaryny maňa dikdi. Men bu garaşylmadyk sowala aňk-taňk boldum. Suwuň üstünden geçenimizde endige öwrülip giden bu hereketiň aňyrsynda näme manynyň bardygy hakynda ozal oýlanyp görmändigime öz ýanymdan ökündim. Ýagdaýyma düşünen goja: «Ýagşy ýigit, halkymyz suwa keramat hökmünde garaýar. Ata-babalarymyz suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga! El-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, hormat edipdirler. Köprüden geçeniňde doga-dileg edilmeginiň manysy hem ýagşy arzuw-niýetlerimiziň mukaddeslik saýylýan suw bilen akyp gidip, Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagynyň umyt edilmegi bilen baglanyşyklydyr» diýip gürrüň berdi.
Hakykatdan-da, halkymyz suwy gadyrlap, ony elmydama ýagşy düşünjeler, oňat niýetler bilen baglanyşdyrypdyr. Şunuň bilen baglylykda, abraý sözüniň etimologiýasynyň suw bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Has takygy, «ab» «suw», «raý» bolsa «roý», ýagny «ýüz» diýmegi aňladýar. Edebiýatymyza ser salanymyzda-da, suwa jansyz närse däl-de, edil janly gymmatlyk ýaly gadyr goýulýandygyna magat göz ýetirýäris. Anyk mysallara ýüzlensek, «Şasenem-Garyp» dessanynda Şasenemiň: «Indi senden sorag salsam gaýbana, // Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?» diýip, Tüni derýa ýüzlenip, derdini paýlaşmagy hem suwa bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanydyr. Halkymyzyň durmuş filosofiýasyna ýüzlenenimizde, şeýle mysallara näçe diýseň duş gelmek bolýar. Olar türkmen milletiniň tebigat bilen bagrynyň badaşandygyndan, halkymyzyň ekologiýa terbiýesiniň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýandygyndan habar berýär.
Suw syýasaty — uzak möhletleýin, röwşen geljegiň binýady
«Suw damjasy — altyn dänesi» diýen paýhasyň amalyýetdäki beýanyna halkymyzyň taryhyny, gadymy ýadygärliklerimizi öwrenenimizde anyk mysallar arkaly göz ýetirýäris. Bu babatda kärizler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kärizler suwy tygşytly ulanmakda ata-babalarymyzyň toplan baý tejribesiniň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde çylşyrymly kämil suw üpjünçilik desgasy bolan kärizler dogrusynda: «Gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Paryzdepe ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr» diýip jaýdar belleýär. Pederlerimiziň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatdaky ýol-ýörelgesi häzirki wagtda döwrebap ýagdaýda üstünlikli dowam etdirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde suw hojalygyna degişli desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany suw göteriji bekediň gurulmagy, olaryň sazlaşykly işi dag etek belentligindäki ekerançylyk ýerleriniň suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berýär. Ýeri gelende bellesek, beketlerde ösen tehnologiýalaryň, şol sanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ähli işleri awtomatik ýagdaýda netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň, obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş, lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň gurulmagy möhüm ähmiýetli wakadyr. Täze gidrotehniki desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde gurlup ulanmaga berlen bu desgalar suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.
Suw diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk rowaçlanýar
Suw, ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem adamzadyň bagtyýar durmuşynyň, rysgal-berekediň, bolçulygyň çeşmesidir. Ynsan üçin iň zerur närseleriň hatarynda möhüm orny eýeleýän bu bahasyz baýlygyň tygşytly sarp edilmegi tagallalaryň halkara derejesinde birleşdirilmegini we bu işe örän jogapkärçilikli çemeleşilmegini talap edýär. Ýurdumyzyň we sebitiň geografik hem-de ekologik şertlerini nazara alanymyzda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesiniň näderejede möhümdigini aýdyň görmek bolýar.
Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, ösüş bar, özgeriş bar. Ösüşiň bar ýerinde bolsa parahat hem-de abadan durmuş höküm sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly beýik taglymaty hem ösüş arkaly umumadamzadyň parahat ýaşaýşynyň berkarar bolmagyny nazarlaýar. Şoňa görä-de, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem suw diplomatiýasydyr. Ýurdumyz bu ugurda dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy barha berkidip, halkara guramalarynda oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Sebit babatda alnanda, Türkmenistan, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmä garşy göreşmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Araly halas etmek boýunça halkara gaznasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Ýeri gelende bellesek, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar hem biragyzdan kabul edildi.
Döwletimiz suw hojalygy bilen baglylykda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şunda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Özbegistanyň halk şahyry Ikbol Mirzonyň «Bir derýadan suw içýärler owuçlap, // Derýasy bir özbek bilen türkmeniň» diýen setirleri Jeýhunyň bereketli kenarynda ýerleşýän iki döwletiň arasyndaky dostlugyň şahyrana beýanydyr.
Ýurdumyzyň suw diplomatiýasynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek aýratyn orny eýeleýär. Şunda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitleriniň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesinde Hazar syýasatynyň umumy esasy ýörelgeleri işlenip düzüldi. Esasy resminama bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, bu gün ýurdumyzyň suw diplomatiýasy sebitde we tutuş dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
* * *
Agzalan maglumatlardan hem görnüşi ýaly, keramat saýylýan suwumyzy ekologiýa taýdan arassa ýagdaýda nesillere ýetirmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu ugurda halkara tagallalaryny birleşdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Pederlerimizden gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowamat-dowam eýläp, bu babatda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti - 23.07.2026 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/244458
Latest News
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
01/08/2026
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY
28/07/2026
Döwletlilik pelsepesiniň beýany