15/09/2024
659
Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar
Kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär. Okumyş adamyň dünýägaraýşy hemişe giň, içki pikirleri has-da baý, söz baýlygy bolsa diýseň ösendir. Şoňa görä-de, dünýäniň islendik künjeginde kitabyň iň gowy sowgat hasap edilýändigini, hatda käbir döwletlerde munuň milli däplere, hormat nyşanyna öwrülendigini hem aýtmak bolar. Bu hakykata 10-njy sentýabrda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň durky döwrebap görnüşde täzelenen 3-nji kitap dükanynyň açylmagy mynasybetli guralan kitap şüweleňinde aýdyň göz ýetirdik.
OKAMAK — BEREKET
Durky döwrebap ülňülere laýyk täzelenen bu kitap dükany paýtagtymyzyň gadymy medeni ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň üç sany ýokary okuw mekdebiniň, başgaça aýtsak, «talyplar şäherçesiniň» gapdalynda ýerleşendigine garamazdan, bu dükanyň alyjysy diňe talyplar ýa-da mugallymlar däl. «Täze kitap çykypdyr» diýilse, göni şu ýere gelinýär.
Arkadagly GahrymanBu ýerde mümkinçilikler, edebiýatlar has köp. Içine gireniňden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýerleşdirilen uly tekje bada-bat ünsüňi çekýär. Dünýä edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň portretleri, özboluşly dizaýn çözgütleri, milli hem-de halkara tejribeleriň sazlaşygy, owadan tekjelerdäki kitaplar islendik adamyň nazaryny egläp biljek derejede. Durky täzelenen dükanda kitapsöýüjiler, ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklaryny, edebiýat agşamlaryny hem gurabermeli. Türkmen kitaplary, nusgawy edebiýatlarymyz gerekmi, rus dilindäki eserlermi ýa-da iňlis, amerikan ýazyjylarynyň, psihologlarynyň kitaplaryny öz dilinde okajakmy, garaz, kitaphon adama hemme şert bar. Dükanyň satyjy-maslahatçylary gerek kitabyňy, tapylmadyk ýagdaýynda, sargyt hem edip bolýandygyny aýdýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle sözler bar: «Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar». Diýmek, kitap diňe bir iň gowy söhbetdeş däl-de, eýsem, ol paýhasly maslahatçy, ýakyn dost. Şu gezekki kitap şüweleňinde okuwçylaryň, talyplaryň, myhmanlaryň kitap dükanynyň baý gory, seýrek kitaplar bilen tanyşýan pursatlaryny göreniňde, söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň:
Kitaphanalara gatnaň ýadaman,
Agras, kämil bory üçin pikiriň
— diýen setirleri biygtyýar ýada düşýär.
«AŞYR DÄDE GELDI!»
Bu ýerde mümkinçilikler,Kitap şüweleňine çagalaryň hakyky dosty — Aşyr dädäniň hem gelmegi ýaşajyk myhmanlary tolgundyrdy. «Ýaşlyk» teleýaýlymynda taýýarlanylýan «Siziň üçin, körpeler!» gepleşiginiň nobatdaky sany hem hut şu ýerde ýazgy edildi. Çagalar özleriniň bu söýgüli gepleşiginde kitap, mekdep, okamak bilen bagly bilýän goşgularyny aýdyp berdiler. Daşary ýurt dillerinde goşgy öwrenen çagalar hem bar. Aşyr däde hem olara kitap okap berdi. Çagalaryň ählisine kitap dükanynyň sowgatlary gowşuryldy.
— Biziň halkymyz kitaphon halk. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň bir bölümi hem «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» diýlip atlandyrylýar. Şunda çagajyklaryň ellerine alan kitaplaryna guwanç bilen seredişlerini diýjekmi, olardaky suratlary gözleri bilen hakydasyna ýat bekleýşini diýjekmi, okan eserleriniň gahrymanlary bilen gürleşip, jedirdäp baryşlaryny diýjekmi — bularyň ählisi göreni guwandyrýar. Şonuň üçin hem çagalara köpräk kitap okap bermeli — diýip, Aşyr däde — Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gürrüň berýär.
Aýtäç JAPAROWA,
«Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň 3-nji kitap dükanynyň satyjy-maslahatçysy:
— Şu ugurda 6 ýyldan bäri işleýärin. Bir zada göz ýetirdim: bize ýüz tutýan adamlar, ilki bilen, bagtly we üstünlikli bolmagyň ýollary hakdaky kitaplara isleg bildirip, soňam islendik kitapdan şeýle mazmuny tapyp boljakdygyny aýdýarlar. Şeýdibem, kitaby durmuş hemrasyna öwren adamlar aň-düşünje we ruhy-ahlak taýdan kämilleşýärler, hünär babatda ussatlyga ýetýärler. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary hem biziň üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr.
Omar SÖÝÜNOW,
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy:
— Men ejem bilen geldim. Ejem maňa ertekili bir kitap alyp berdi. Kitabyň suratlaryny özüň reňklemeli eken. Muňa begendim. Sebäbi surat çekmegi gowy görýärin. Aşyr dädäni bolsa diňe telewizorda görýärdim. Bu gün bolsa onuň bilen surata hem düşdüm. Ol meniň adymy, halaýan reňkimi, gowy görýän multfilmimi hem sorady. Men ýene-de has köp goşgy ýat tutjakdygyma söz berdim. Ýadymdan çykmajak gün boldy.
REDAKSIÝADAN:
Latest News
10/10/2024
UNESCO CLUB IS TWO YEARS OLD!10/10/2024
OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN PYRAGY!