24/03/2026
33
«AÇYK GAPYLAR» GÜNI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026–2027-nji okuw ýylynda institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 6-njy, 27-nji aprelde, we 8-nji maýda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işjeň daşary syýasaty, Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, institutyň durmuşy baradaky wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasyny taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem-de «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi bilen tanşyp bilerler.
“Açyk gapylar” günleri görkezilen salgylarda sagat 09:00-da başlaýar.
Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde we 8-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda. Salgysy: Aşgabat ş. Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy. Telefon belgi: 26-61-13;
Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Balkanabat ş. Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň 11-nji jaýy. Telefon belgi: (+993 222) 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26;
Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş. Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgisi: (+993 322) 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.
Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda. Salgysy: Türkmenabat ş. Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefon belgisi: (+993 422) 3-25-50, 3-04-18;
Mary welaýatynyň ýaşlary üçin — 6-njy, 27-nji aprelde Türkmenistany Döwlet energetika institutynda. Salgysy: Mary ş. Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy (+993 564) 5-75-02.
Giňişleýin maglumat üçin institutyň web-saýty: iirmfa.edu.tm