Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 6-njy iýun – Bütindünýä rus diliniň güni
    6-njy iýun – Bütindünýä rus diliniň güni surady
    30/11/-0001

    737

    6-njy iýun – Bütindünýä rus diliniň güni

    Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Halkara ene diliniň öň ýanynda Ählumumy kommunikasiýalar departamenti Diller günlerini geçirmek barada karar kabul etdi. BMG-niň resmi dilleriniň halkara günleriniň geçirilmeginiň maksady Guramanyň işgärleriniň arasynda BMG-niň resmi dilleriniň altysynyň her biriniň taryhy, medeniýeti we ösüşi barada habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.

    Bu baýramçylyk medeni çäreler, aýdym-sazlary, edebi eserleriň ýerine ýetirilmegini, bäsleşikleri, sergileri, medeniýet işgärleriniň, folklor toparlarynyň çykyşlaryny, kinofilmleriň görkezilişini we BMG-niň resmi dilleriniň birini öwrenmek isleýänler üçin guralýan okuw sapaklary öz içine alýar.

    Rus dili – slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gürleýjileriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda iň ýörgünlisi hem rus dilidir.

    Her ýyl bu halkara güni mynasybetli dünýäniň birnäçe döwletlerinde rus halk aýdym-sazlarynyň konsertleri, sungat eserleriniň sergileri, leksiýalar, film görkezişler hem-de ekspress sapaklary dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

    Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň edebi döredijiligi gymmatlydyr. Onuň eserleri dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edildi. Biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şol sanda milletara gepleşik dili bolan rus dilini öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy bilim berýän mekdep, döwlet rus drama teatry hem bar. Paýtagtymyzda Puşkiniň adyny göterýän köçede şahyryň ýadygärligi oturdyldy. Rus dilini öwrenmeklige biziň ýurdumyzda uly üns berilýär. Rus dili orta mekdepleriň ählisinde hökmany okadylýan dilleriň biridir. Türkmenistan 2023-nji ýyly GDA-da – Milletara gepleşik dili hökmünde «Rus diliniň ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi goldady. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň merkezi gazetleriniň biri bolan «Нейтральный Туркменистан» gazeti rus dilinde neşir edilýär. Ýerli teleradioýaýlymlarda rus dillinde gepleşikler berilýär.


    Meýlis SADYKOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

    2-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI