03/06/2026
32
Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda okuw studiýasynda «Döwrebap ösüşlerde emeli aňyň orny» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda institutyň mugallymlarydyr talyplary çykyş etdiler. Şeýle hem institutyň okuw studiýasynda emeli aňyň orny, ähmiýeti, döwrebap äheňde telewideniýede we kebşirleýiş işlerinde onuň ulanylyşy barada wideo şekiller, talyplaryň taýýarlan gysga göwrümli dokumental filmi görkezildi. Bu okuw sapagy geljekki halkara žurnalistler üçin öz aralarynda pikir alyşmaga, emeli aňyň döwrebap usulda peýdalanylyşy barada täze usullary maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa mugallymlara ýüzlendiler we gyzykly jogaplary aldylar.
Ösüşlere, özgerişlere beslenýän döwürde emeli aňyň tutýan ornuny düşündirmek, pikir alyşmak maksatly guralan çäre örän täsirli boldy. Sapagyň ahyrynda işjeň gatnaşan talyplara bu ugurda üstünlikler arzuw edildi. Oňa gatnaşanlar halkaraçy ýaş žurnalistlere ylym-bilim almaga, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen aýakdaş gitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby