30/11/-0001
592
Zenan kalby – gözelligiň nusgasy
2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde talyp gelin-gyzlaryň arasynda “Zenan kalby – gözelligiň nusgasy” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary mynasyp dowam etdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, tebigy gözelligini aýap saklamak, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek hem-de ösdürmek babatynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenan mertebesini beýgeltmekde, hormat goýmakda ýaşlara görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Annagözel MEKANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.