
30/11/-0001
925
ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, şeýle-de institutyň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagynyň ýaşlara bildirilýän uly ynamdygyny we ýaşlaryň öz gezeginde halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenýär. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy. Häzirki günde bolsa döwlet derejesinde ýurduň geljegi hasaplanylýan ýaşlara uly ynam bildirilip, ylym-bilim almaga, hünär öwrenmäge iň gowy şertler, mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle-de ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna bolan höwesini we özara tejribe alyşmak mümkinçiliklerini artdyrmakda dünýä döwletlerinde öz bilimlerini kämilleşdirýän ýaşlarymyzyň sany hem barha artýar. Diýmek, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky, geljek babatdaky alada ýatandyr.
Dabaraly maslahatyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlap, “Arkadagly Serdar” atly syýasy aýdym bilen jemlenmegi joşgunly ýaşlar ýylynyň dabaraly medeni çärelerine özboluşly badalga boldy.
Enejan ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz: