10/01/2023
786
ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bäsleşik birnäçe tapgyrdan iňlis dilinde ýylyň şygary barada prezentasiýa bilen çykyş etmek, aýdym aýtmak, logiki soraglara jogap bermek, sahna oýnamak, iňlis dilinde filmleriň atlaryny bilmek ýaly şertlerden ybarat boldy. Bäsleşigiň iňlis dilinde geçirilmegi, talyplaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegine, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ösdürmäge, özbaşdak pikirlenmek, işlemek endiklerini artdyrmaga ýardam etdi. Bäsleşigiň netijesine görä Halkara hukugy fakultetiniň talyplary ýeňiji diýlip yglan edildi.
Zybagözel HALDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.