532
Ýüregi sen ýurdumyň ak şäherim Aşgabat
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Ýüregi sen ýurdumyň ak şäherim Aşgabat” atly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerini tanyşdyrýan sanly wideoaragatnaşyk arkaly toplumlaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşige Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy, şu güni we geljegi, ak mermere beslenen ajaýyp keşbi barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyň ak mermerli Aşgabady giňişleýin öwrenmekde uly gollanma bolup durýandygy nygtalyp geçildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk toýuna bagyşlap taýýarlan wideo roligine tomaşa etdiler.
Şeýle toplumlaýyn gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen garşylanýandygyny doly suratda görkezýär.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi