150
«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY»
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda çykyş edenler her ýylyş sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ähli ulgamlarda dürli çäreler geçirilýändigi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem yzygiderli düşündiriş işleriniň, wagyz-ündew maslahatlarynyň guralýandygy barada nygtap, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça geçelgeli ýerlerden geçmek, ýol yşyklaryna üns bermek, ýollarda tertip-düzgüni dogry berjaý etmek, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary barada giňişleýin gürrüň etdiler we peýdaly maslahatlar berdiler.
Talyplar bilen guralan sapagyň dowamynda ýol hereketi boýunça soraglara jogaplar berildi. Şeýle hem ýol hereketi boýunça talyplaryň taýýarlan prezentasiýalary hem pikirleri diňlenildi.
Allanur ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

26/09/2025
ÝAŞLAR ÜÇIN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
26/09/2025
BIRAÝLYGA BAGYŞLANAN DIWAR GAZETI