Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ylmy işleri kämilleşdirmek boýunça özara maslahat geçirildi
    Ylmy işleri kämilleşdirmek boýunça özara maslahat geçirildi surady
    30/11/-0001

    1351

    Ylmy işleri kämilleşdirmek boýunça özara maslahat geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän täzeçillikli syýasaty netijesinde möhüm ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň hil taýdan täze ugurlaryny döretmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar, adam maýasyny kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.
    Ýurdumyzyň bilim edaralarynda aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we magistrantlar üçin yzygiderli okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak, gözýetimini giňeltmek, hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek maksady bilen, olar üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar hem geçirilýär.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magistr maksatnamasynyň açylmagy hem ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň ylym bilen meşgullanmaga we kämilleşmäge ýardam berer. Institutyň Halkara hukugy fakultetinde Halkara jemagat hukugy hem-de Halkara hususy hukugy ugurlary boýunça okuwlar alnyp barylýar.
    2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Halkara jemagat hukugy hem-de Halkara hususy hukugy ugurlary boýunça okaýan magistrantlar bilen hem berkidilen temalar boýunça ýazan magistrlik dissertasiýalary barada Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde özara maslahat geçirildi. Magistrantlar ýazýan ylmy işleri boýunça aýratynlykda ýörite prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda esasan hem ylmy işleriniň mazmunyny, täzeçilligini, derwaýyslygyny, onuň maksadyny hem wezipelerini takyk we aýdyň beýan etmek arkaly gürrüň berdiler. Olaryň arasynda G.Amanowyň “Halkara hukugynda ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamalary (Türkmenistanyň tejribesi)”, Ş.Aşyrowanyň “Gozgalmaýan emläk babatyndaky kanunçylygynyň milli we halkara hukuk esaslary”, A.Tahyrowanyň “Milli we halkara hukugynda notarial edaralarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişi”, S.Agaýewiň “Halkara hukugynyň kadalary we milli kanunçylyk: administratiw kanunçylygynyň mysalynda halkara hukuk başlangyçlary we tejribe” atly ylmy işleriniň mazmuny we ýerine ýetirilişi aýratyn bellärliklidir.
    Halkara jemagat hukugynyň hem-de halkara hususy hukugynyň pudaklary bilen baglanyşykly ýazylýan ylmy işler geçirilýän özara maslahatlarda mugallymlaryň we magistrantlaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň halkara hukugy boýunça bilimleriniň hem-de ýazýan ylmy işleriniň ähmiýetiniň has hem artmagyna we kämilleşmegine uly ýardam berýär.
    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI