08/05/2026
82
ÝEŇIŞ — NESILLERIŇ MIRASY
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň guramagynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyna bagyşlanyp «Ýeňiş — nesilleriň mirasy» atly ýatlama sergisi geçirildi. Onda uruş ýyllarynyň seýrek suratlar ýygyndysy, şol döwre bagyşlanyp ýazylan kitaplar, gazetdir žurnallar, frontdan gelen hatlar,
Ýeňiş gününiň zamanabap keşbi şöhlelendirildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň uruş ýyllaryna, gahrymanlarymyza bagyşlap ýazan eserleri, şol döwrüň suratlarydyr hatlary, olar bilen bagly ýatlamalar sergilendi.
Ýeňiş gününe bagyşlanyp guralan ýatlama sergisine institutymyzyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Onuň dowamynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş döwrüniň habarlaryny ýetirmekde uly işleri bitiren türkmen radiosynyň orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
«Taryh — bu biziň geçmişimiz, Ýeňiş — bu biziň buýsanjymyz!» atly şygar astynda geçirilen bu sergi örän täsirli bolup, gatnaşanlarda watançylyk duýgusynyň artmagyna itergi berdi.
Merjen ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby