Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýöriş
    Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýöriş
    Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýöriş
    09/05/2023

    1824

    Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýöriş

    2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň Gyzyl meýdançasynda geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşdy. Ýeňiş güni mynasybetli guralan çärelere Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleri hem gatnaşdylar. Ýokary derejede geçirilen Ýeňiş ýörişi geçmişe gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berdi. Weteranlar üçin bu ýöriş geçmişini ýada salsa, ýaşlar üçin nägehan urşuň nähili bolandygyna, edermen pederlerimiziň nähili söweş ýoluny geçendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza, uruş weteranlaryna Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941 — 1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Gyzyl meýdançadaky dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde uruşda gahrymanlarça söweşip wepat bolan «Näbelli gahrymanyň» ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi il-ulsunyň parahat durmuşy üçin göreşen Watan gahrymanlarynyň hiç wagt unudylmaýandygynyň, olaryň halkyň ýüreginde baky ýaşaýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Mahlasy, Ýeňiş gününde geçirilen dabaralar geçmişi aýrylmaz baglanyşykly bolan ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlygynyň derejesini ýene bir gezek açyp görkezýän waka hökmünde taryha möhürlener. Türkmenistan — parahatçylyk söýüji, asuda ýurt. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz uly aladalary bilen türkmen halky dünýä halklarynyň abadançylygyna, dost-doganlygyna ýol açýan beýik milletdir. Şeýle bagtly günlere ýetiren Watan gahrymanlaryna ebedi şöhrat bolsun!


    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.


    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://turkmenportal.com/tm/blog/61624

    https://turkmenportal.com/tm/blog/61619

    https://turkmenportal.com/tm/blog/61625

    https://turkmenportal.com/tm/blog/61624

    Soňky täzelikler

    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    01/05/2026

    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI surady

    30/04/2026

    SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY surady

    29/04/2026

    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI