Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat
    Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat
    Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat
    01/10/2024

    1602

    Ýaşululara sarpa — paýhasa hormat

    Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki halkaraçy hünärmenleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine — halypa professor-mugallymlara Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir. Şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berýäris» diýip belleýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan il sylagly ýaşulularyň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Müňýyllyklardan gözbaşly bu ýörelgeler nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün etmek bilen, halkymyzy döredijilikli, beýik işlere ruhlandyrýar.
    Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň halkara güni» diýip yglan etdi. Bu halkara baýram mynasybetli dünýäniň çar künjeginde baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Munuň özi halkara derejede il sylagly ýaşululara goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.
    Ýeri gelende bellesek, şanly Garaşsyzlygymyzyň bosagasynda paýtagtymyzda üstünlikli geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny äleme äşgär etdi. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ildeşlerimiziň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy.
    Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri parasatly ýaşulularymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Goý, ýaşuly nesle şeýle belent sarpa goýýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

    Kakamyrat ÇARYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI