Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY
    01/10/2025

    936

    ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY

    2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geljekki halkaraçy hünärmenleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekilleri — halypa professor-mugallymlar üçin baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden institutymyzyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram — Ýaşulularyň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçirilýändigi barada nygtap, ýaşuly, halypa professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden gutlag sözlerini aýtdylar we ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

    Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň halkara güni» diýip yglan etdi. Bu halkara baýram mynasybetli dünýäniň çar künjeginde baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Munuň özi halkara derejede il sylagly ýaşululara goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.

    Ýeri gelende bellesek, şanly Garaşsyzlygymyzyň bosagasynda paýtagtymyzda üstünlikli geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny äleme äşgär etdi. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ildeşlerimiziň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýaşuly nesle şeýle belent sarpa goýýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


    Ogulnar GARRYGULOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI