693
«Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Psihologiýa kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni, Aşgabat şäheriniň il sylagly ýaşululary, mährem eneleri hem-de institutyň talyp ýaşlary gatnaşdy. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly, bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirliligi bilen tapawutlandy.
Duşuşykda çykyş edenler ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem, talyplaryň gowy şertlerde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kada-kanunlary, düzgünleri barada aýdyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, sagdyn ruhly nesiller bolup ýetişmekligi üçin alnyp barylýan giň mümkinçilikler dogrusynda hem aýratyn bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenleriň her biri ýaşlaryň ylymly, bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kyýat ILAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.