30/11/-0001
616
Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan duşuşyk
2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu duşuşyga ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri, “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşykda “Täze Aý” atly haryt nyşanly önümçilik birleşiginiň esaslandyryjysy Guwançmyrat Orazow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler “Täze Aý” hususy kärhanasy – şöhlat önümleriniň, konditer we süýt önümleriniň iň iri önüdirijileriniň biri bolmak bilen azyk önümleriniň jemi 1000-e golaý görnüşlerini öndürmekde hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilige giňden çekilýändigini, işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap geçdiler.
Duşuşykda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, brifing maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.
Oňa gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwlet JUMAGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.