Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy
    28/12/2023

    1645

    Ýaşlar — Watanyň şamçyragy

    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çäre — halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaralaryň dowamynda üstümizdäki ýyl boýunça ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda mynasyp görkezijileri görkezen ýaşlara döwlet sylaglary gowşuryldy.
    Tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasatyny halkara giňişlikde ýaýbaňlandyrmakda hem-de durmuşa geçirmekde, ony işjeň wagyz etmekde diplomatik gullugyň ýaş işgärleri hem aýratyn görelde görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda degişli ulgamyň ýaşlaryny gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýaşlara degişli ulgamyň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýaş nesiller bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet hem-de hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar.
    Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy.
    Belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
    Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryny ähli ugurlarda goldaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI