29/04/2026
46
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäherindäki «Carbon» okuw merkezinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Sanly storytelling, etika, YouTube-da we durmuş ulgamlarynda kontenti öňe sürmek, media işine emeli aňy ornaşdyrmak» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we žurnalistler gatnaşdylar.
Sapagy Gazagystandan gelen bilermenler, ýagny mobil žurnalistikasynyň hünärmeni Marat Sadykow, media sowatlylyk boýunça bilermen Gulim Amirhanowa hem-de YouTube boýunça bilermen Aýganym Amirbekowa alyp bardylar.
Okuw sapagynda tankydy pikirlenmeler, sanly platformalar bilen işlemek, maglumatlary barlamak barada we emeli aňy ýerlikli peýdalanmak boýunça ýörite çykyşlar edildi. Žurnalistlere häzirki döwürde esas bolup durýan media sowatlylygy, maglumatlaryň takyklygyny we ýalňyşlygyny seljermek, habarlardyr wakalar barada sahypalary taýýarlamak boýunça pikir alyşmalara orun berildi.
Şeýle okuw sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi žurnalistika ugrunda bilim alýan ýaşlaryň, zähmet çekýän hünärmenleriň tejribelerini artdyrmaga goldaw bermek, olaryň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, ynamly we ähmiýetli maglumatlary taýýarlamak başarnygyny kämilleşdirmekleri üçin ähmiýetli bolup durýar.
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.