30/11/-0001
555
Ýaş meýletinçileriň okuw sapagy dowam edýär
2022-nji ýylyň 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuwy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamakda, olarda millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde meýletinçileriň ähmiýeti barada täsirli çykyş etdi. Onuň nygtap aýtmagyna görä, meýletinçileri sagdyn hem ynsanperwer ruhda terbiýelemegi we köpugurly işlere çekmegi guramanyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleri oňyn netije berýär.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi