30/11/-0001
547
Ýaş meýletinçileriň okuw sapagy dowam edýär
2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuwy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlaryň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin guralýan okuwlaryň geljekki hünärmenleriň zähmet bazarynda bäsleşik ukybynyň ýokarlanmagynda ähmiýetiniň uludygy barada täsirli çykyş etdi. Onuň nygtap aýtmagyna görä, meýletinçileri sagdyn hem ynsanperwer ruhda terbiýelemek guramanyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleri oňyn netije berýär.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.