23/01/2026
31
ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyny şöhlelendirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşjak ýörite habarçylar (media) toparynyň ýaş wagyzçylary bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Oňa habarçylar (media) toparynyň agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Okuw sapagyny «Halkara çärelerde alypbaryjynyň ussatlygy» atly tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Kulowa alyp bardy. Mugallym öz çykyşynda ýurdumyzda geçirilýän halkara medeni we sport çäreleriň ähmiýeti, ýaş žurnalistleriň bu çäräni şöhlelendirmekdäki wezipeleri, aýratynam, gepleşikleri taýýarlaýan alypbaryjynyň hünär ussatlygy barada täsirli gürrüň berdi.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.