30/11/-0001
645
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 23-nji sany çapdan çykdy
Metbugata syn
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek çap edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetiniň 23-nji sany çapdan çykdy. Üç dilde neşir edilýän gazetimiziň bu sanynda täze ýylyň ilkinji günleriniň belent ruhy, täze ösüşlere batly gadamlary her bir çykyşda, makalada aýdyň duýulýar. Munuň şeýledigine ýakynda hormatly rektorymyzyň gazetimiziň döredijilikli zähmet çekýän ähli agzalaryna aýdan sagbolsuny hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hoşallyk hatynda şeýle diýilýär: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetiniň redaksion geňeşiniň agzalaryna we tutuş döredijilik toparyna gazetiň kämil çykmagy ugrunda çekýän zähmetleri üçin sagbolsun aýdýaryn. Gazetiň her bir sanyny PDF görnüşinde hem-de iň täsirli materiallary sesli okalan görnüşde iirmfa.nesil.edu.tm sanly bilim portalynda ýerleşdirmeli”. Ýeri gelende aýtsak, neşirimiziň ähli sanlary iirmfa.nesil.edu.tm sanly bilim portalymyzda hem ýerleşdirilip başlandy.
Şeýle ajaýyp üstünliklere beslenen gazetiň bu sanynyň ilkinji sahypasynda institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gülälek Çopanowanyň Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyna bagyşlap ýazan baş makalasy ýerleşdirilipdir. Onda hormatly Prezidentimiziň halkymyza “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan täze ýylymyzda ýazan belent ruhdaky ajaýyp goşgusyna bolan buýsanç duýgulary, şygryň ähmiýetini açyp görkezýän seljerme pikirleri joşgunly beýan edilýär. Şeýle-de, gazetimiziň şol sahypasynda institutymyzyň mugallymy Mergen Mämmetjumaýewiň “Türkmenistan innowasion ösüşler ýurdy” ady bilen ösen tehnologiýalaryň durmuşa doly ornaşdyrylýan mekanyna öwrülýän baky Bitarap Watanymyzyň ösen tehnologiýalar ýolundaky ösüşleri baradaky makalasy ýerleşdirilen. Onda ýurdumyzyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň esasynda ilkinji emeli hemramyzyň uçurylmagy, “Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy ýaly bu ugurdaky üstünlikler, ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler barada aýdylyp geçilýär.
Şeýle hem neşirimiziň ikinji sahypasynda talyplarymyzyň seslenmeleri ýerleşdirilipdir. Olardan institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Bereket Öwezgeldiýewiň ýazan “Sekizburçlukdan gaýdan dokuzynjy gudrat” atly seslenmesi gazetimiziň geçen sanyndaky Aýgül Mätiýewanyň institutymyzda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky guralýan “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi baradaky “Sekizburçlukdan gaýdan sekiz gudrat” atly makalasyna bagyşlanypdyr. Onda awtor A. Mätiýewanyň bu seljerme-filosofik täri bilen ýazylan publisistik malalasyna dokuzynjy gudrat hökmünde baha berýär.
Gazetimiziň bu sanynda hem saäzanda hem artist Bilbil Mämmedow bilen talyp deň-duşlarymyz tarapyndan gurnalan “Şükür bagşynyň dutary milli diplomatiýamyzyň oňony dälmidir?!” atly söhbetdeşlige bolan seslenmeler ýerleşdirilipdir. Talyp deň-duşumyz Meňli Hojamuhammedowanyň “Buýsandyryjy hoş habar” ady bilen ýazan seslenmesinde dutaryň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna” girizilmegi bilen baglanyşykly özünde galan täsirleri çuňňur beýan edilipdir. Bu sahypamyzda şeýle-de, institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Gurbanmyrat Aşyrowyň we Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Yhlas Töräýewiň seslenmelerini hem okap bilersiňiz.
Elektron gazetimiziň üçünji sahypasynda BMG tarapyndan yglan edilen halkara günleri we dünýä meşhur habarlar agentligi barada makalalar ýerleşdirilipdir. Onda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Annaberdi Kaşaňowyň “Риа новости- авторитетное агенство” atly, ýene-de şol fakultetiň IV ýyl talyplary Nowruz Kurbanowanyň “International Day of Education” we Gözel Eminowanyň “День Почерка” atly makalalary bar.
Gazetimiziň dördünji sahypasynda “Ýaş žurnalistiň publisistikasy” rubrikasy bilen Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Ajaýyp Nobatowanyň “Aýlanaýyn ak adyňdan ýylymyz” atly publisistikasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň Ýanardag bedewi we onuň ýedi arkasy bilen baglanyşykda rysgally, döwletli boljakdygy, Ýanardagyň ýedi arkasynyň Aba Annaýewiň seýislän öz atydygy babatdaky hakykatyň inçe beýan edilişi gazetimiziň her bir okyjysynda üýtgeşik, ýakymly täsir galdyrýar. Makalada şeýle bellenýär: “Görüp otyrsam, bu täsin hakykat behişdi halymyza hem salnan eken. Bu halat Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň “Ýanardagyň ýedi arkasy” atly haly eserine çitilipdir... bu täsin baglanyşyk barada ýörite goşgy hem bar eken. Özem ýöne-möne ýere däl-de, hut hala ýazylan goşgy bar eken. Ýaňky halyda Ýanardagyň gapdalynda ýerleşdirilen, halypa mugallymymyz Täçgeldi Gutlyýew tarapyndan ýazylan şygyrda – Ýanardagyň ýedi arkasynyň hormatly Prezidentimiziň nesil şejeresi bilen baglydygy baradaky goşguda bu täsin baglanyşyk juda täsirli beýan edilýär”.
Gazetimiziň bäşinji sahypasy hem iň bir söýlüp okalýan sahypalaryň biridir. Sebäbi, onda halkara habarlaryny bir ýere jemleýän “Türkmenistan Halkara media giňişliklerinde” we “Dünýä täzelikleri” rubrikalarynyň astyndaky dünýäniň iň täze habarlary çap edilipdir. Bu sahypa institutymyzyň I ýyl talyplary Annaberdi Kaşaňow, Ajaýyp Nobatowa we Güljahan Garlyýewa tarapyndan taýýarlanylypdyr. Olardan Annaberdi Kaşaňowyň habarlary öz seljermeleri we pikirleri arkaly beýan etmegi hormatly rektorymyz tarapyndan hem goldanyldy we olaryň iirmfa.nesil.edu.tm bilim portalymyzda hem ýerleşdirilmelidigi bellenildi.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhy şahslarymyza, beýik akyldarlarymyza uly sarpa goýulýar. Elektron gazetimiziň altynjy sahypasynda ýerleşdirilen institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Karaýewiň türkmen diplomatiýasynyň taryhynda çuňňur yz galdyran ussat diplomat, beýik serkerdämiz Alp Arslan barada “Alp Arslan – the great сommander and diplomat” ady bilen ýazan makalasynyň ýerleşdirilmegi hem oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem gazetimiziň bu sanynda institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Orazowanyň iňlis dilindäki “History and structure of the OSCE” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda ÝHHG-niň taryhy we biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen bilelikdäki alyp barýan işjeň hyzmatdaşlyklary giňişleýin beýan edilýär.
Bedew bady bilen gelen täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde gazetimiziň 23-nji sanynyň ýedinji sahypasynda “Diýarymyzyň görnükli seljerme žurnalistikasy” rubrikasy astynda çap edilen halypa mugallymymyz Täçgeldi Gutlyýewiň “Atlar göni ýola düşdüler” ady bilen dokumental maglumatlar esasynda ýazan seljerme makalasy ýerleşdirilen. Makalada Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Annabaýram Paýaýewiň seljerme žurnalistikasynyň aýratynlyklary we ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär. Awtor onda şeýle belleýär: “Atlar göni ýola düşdüler” diýen jümläni sözbaşy hökmünde goýmak bilen gürrüňini etjek bolan meselämiz ýurdumyzda belli žurnalist A. Paýaýewiň at hem at çapyşyklary bilen baglanyşykly durmuşy barada däl-de, eýsem, seljerme žurnalistikasynyň ala meýdanynyň giň aýlawlarynda onuň pikir, seljerme atlaryny segredip çapyşy hakda bolar... Belki, “Halypa göreldesi – şägirt ýörelgesi” şygary astynda ýazýan bu makalamyz ýaşlara žurnalistikanyň ala meýdanynyň öwrümli aýlawynda pikir, seljerme atlaryny göni ýola düşürip çapyp bilmeklerine ýardam eder”. Halypamyzyň bu makalasy biz, ýaş žurnalistler üçin uly görelde mekdebidir.
Elektron gazetimiziň soňky sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň taryhy ýadygärliklerimize bagyşlanan “Gadymy ýadygärlikler – goja taryhyň “Jemşit Jamlary”” atly makalasyny okap bilersiňiz. Onda dünýäde ikinji ýerde duran, üç ýüz altmyş erenleriň ýaşan mekany – Köneürgenç topragynda ýerleşýän Gutlug Temiriň minarasy barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Şeýle-de, bu sahypamyzyň “Şygryýet” bölüminde institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Batyrmuhammet Orazowyň we Halbibi Satlykowanyň söýgi, pelsepe meselelerine degişli goşgulary ýerleşdirilendir.
Gazetimiziň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm internet saýtynda, şeýle hem internet portalynda iirmfa.nesil.edu.tm salgy arkaly okap bilersiňiz.
Makalalary we dürli namalary redaksiýamyza ibermek üçin gazetimiziň şu aşakdaky yashdiplomathgi@gmail.com elektron poçtasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.