30/11/-0001
618
Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen geçirilen fakultatiw okuw sapagy
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebinde Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy tarapyndan «Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň halkara-hukuk esaslary» atly tema boýunça fakultatiw okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Ýaş diplomatlar mekdebiniň işjeň mekdep okuwçylary, Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary hem-de «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň agzalary gatnaşdylar.
Bu okuw sapagynda Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Gülälek Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Atajan Rozybaýew dagylar çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda mekdep okuwçylary çykyş edenleriň täsirli gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler we özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallara jogap aldylar.
Türkmenistanyň Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky çykaran Kararyna laýyklykda, geljekki ykbalyny diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ugrundan hünärmen bolmaga bagyşlamak isleýän aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary hünäre ugrukdyrmak işini kämilleşdirmek, ýaşlarda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge höwes döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda tassyklanan Düzgünnamasyna laýykykda, bu mekdebiň esasy maksady Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň halkara gatnaşyklary babatyndaky gözýetiminiň giňelmegine, daşary-syýasy biliminiň artdyrylmagyna ylmy taýdan ýardam etmekden, olaryň jemgyýetçilik-syýasy we kanunçylyk-hukuk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam bermekden ybaratdyr.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.