135
“Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň we Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalaryna okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy tarapyndan “Diplomatiýada maglumat seljeriş işi we onuň guralşy” atly temasy boýunça Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalaryna okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Aýgözel Baýramowa alyp bardy. Mugallym öz çykyşynda diplomatiýada maglumatyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi. Geljekki ýaş diplomatlara täzelikler bilen gündelik tanyşmaklygy, ony seljermeklik ukybyny şu döwürden edinmelidiklerini maslahat berdi. Çykyşyň ahyrynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen mugallyma ýüzlendiler we täsir galdyryjy jogaplary aldylar.
Mährijemal ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

30/04/2025
“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI