497
ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW SAPAGY
2022-nji ýylyň 1-10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlaryň BMG-niň ulgamynyň işleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak we halkara gatnaşyklary ulgamynda hünär endiklerini ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň we BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy we parahatçylyk dörediji işleri boýunça bölüminiň (DPPA) bilelikde gurnamagynda ýurduň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet işgärleri üçin okuw sapagy geçirildi. Bu okuw Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 20 sany ýaş wekiliniň gatnaşmagynda iňlis dilinde alnyp baryldy.
Sapaklaryň dowamynda ýaş diplomatlar Türkmenistana ýörite gelen halkara hünärmenleriň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň we BMG ulgamynyň Türkmenistandaky beýleki agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň leksiýa bermeginde bu abraýly guramanyň alyp barýan işi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmegiň we netijeliligini artdyrmagyň usullary bilen içgin tanyşdylar.
Akgözel RASULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.