Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýaş diplomatlar üçin Ilçileriň umumy sapaklary tamamlandy
    Ýaş diplomatlar üçin Ilçileriň umumy sapaklary tamamlandy surady
    30/11/-0001

    883

    Ýaş diplomatlar üçin Ilçileriň umumy sapaklary tamamlandy

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hemmetaraplaýyn kämilleşýär we özgerýär. Biziň ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar astynda geçirýär, bu bolsa biziň Watanymyzyň bitaraplygynyň halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan möhüm taryhy wakalarynyň dowamydyr.

    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik işgärlere ýüzlenip, olaryň öňünde, kabul edýän ýurduň halkyny watanymyzyň durmuşy, daşary we içeri syýasatlarynyň maksatlary we aýratynlyklary barada ygtybarly we dogry maglumatlar bilen habarly etmek üçin örän möhüm wezipeleri goýýar. Türkmenistanyň prezidenti ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerinden resmi borçlaryny ýokary hilli we netijeli ýerine ýetirmegi talap edýär.

    Şu nukdaýnazardan, geljekki diplomatlary taýýarlamak işine tejribeli diplomatlary, ilçileri çekmek möhümdir. Çünki, olaryň bu ugurdaky toplan tejribesi örän gymmatlydyr. Üstümizdäki ýylyň 31-nji maýy we 23-nji iýuny aralygynda ýaş diplomatlar üçin guralan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary ýokardaky aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

    Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň üstünlikleriniň esasy özenini düzýän global we sebitleýin ösüşiň täze we jogapkärli wezipeleri beýan edildi. Çünki, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň (2017-nji ýylyň 18-nji fewraly) karary bilen tassyklanan 2017 - 2023-nji ýyllar aralygyndaky Türkmenistanyň daşary syýasat konsepsiýasy ýurduň diplomatik gullugynyň öňünde anyk talaplary kesgitledi.

    Şu maksatlardan ugur alyp, Daşary işler ministrliginiň tagallasy bilen, türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň talyplarynyň bilim gorlaryny artdyrmak üçin daşary ýurtlarda akkreditlenen türkmen ilçileriniň umumy sapaklary guraldy. Bu geçilen umumy sapaklaryň her biri we olaryň aýratynlyklary barada ozal bütewi bilim portalynda we web sahypalarynda habar berlipdi. Şeýlelikde, çykyşlaryň hemmesini jemläp, olaryň ählisiniň Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň, şol sanda halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine bagyşlanandygyny aýdyp bileris.

    Merdan BERDINYÝAZOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa

    kafedrasynyň mugallymy,

    institutyň halkara hyzmatdaşlyk

    boýunça jogapkär hünärmeni

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI