556
“Ýaş diplomatlar mekdebiniň” agzalary üçin okuw sapagy geçirildi
2022-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar mekdebiniň” agzalarynyň gatnaşmagynda şu ýylky möwsümiň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Toýly Hommyýewiň alyp barmagynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýnunyň mowzugy bolan “Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri” atly tema boýunça geçirildi. Halypa taryhçy öz çykyşynda türkmen halkynyň baý geçmişiniň müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýandygyny, Marguş we Parfiýa döwletleriniň ýola goýan döwletara gatnaşyklary we olaryň alyp baran diplomatik gatnaşyklary hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep okuwçylary halypa taryhça özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, gerekli maglumatlaryny belläp aldylar.
Bu okuw sapagyna «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan bolan agzalary sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
PÝÇ I möwsüminiň ýeňijisi.