742
Ýaponiýanyň halkara maksatnamalary boýunça brifingi
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan bu ýurduň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralýan halkara maksatnamalar boýunça brifingi geçirildi.
Maslahatyň dowamynda orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenýän okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralýan “Öwreniji”, “Talyp”, “Ýörite hünär okuw mekdebiniň talyby”, “Ýapon dilini we medeniýetini öwrenýän talyp” ýaly halkara maksatnamalary hakynda giňişleýin gürrüň berildi.
Maslahatyň ahyrynda ýokarda agzalan halkara maksatnamalary boýunça Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplarynyň onlaýn çykyşlary boldy.
Bu brifingiň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde ýapon dilini öwrenýän okuwçylary we talyplary Ýaponiýanyň daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen halkara maksatnamalary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Dünýägözel BABAHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy.