30/11/-0001
593
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna şahadatnamalar gowşuryldy
Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup energetika, ulag we suw diplomatiýasy çygrynda gatnaşyklary ösdürmek we ony ylmy esasda öwrenmek çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde degişli ugurlar boýunça fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirildi.
Bu okuwlar ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda alnyp barlyp, okuw sapaklaryna halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary işjeň gatnaşdy. Bu bolsa okuw merkeziniň diňleýjilerine energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça ýöriteleşdirilen nazary bilimlerini almaklyga hem-de geljekki diplomatlar hökmünde hünär endiklerini artdyrmaklyga giň şertleri döretdi.
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň möwsümleýin okuwlarynyň tamamlanmagy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna degişli şahatdatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa talyp ýaşlarda diplomatiýanyň we daşary syýasatyň möhüm ugurlary boýunça bilimlerini ösdürmeklige bolan hyjuwlaryny artdyrdy.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.