30/11/-0001
643
Woleýbol boýunça geçirilen bäsleşik
2021-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Örän çekeleşikli geçen bäsleşige institutymyzyň ähli fakultetleri gatnaşdy. Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyndaky oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, talyp ýaşlaryň “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” ýörelgelerine eýerýändiginiň aýdyň alamatydyr.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.