30/11/-0001
588
Wideoaragatnaşyk arkaly tegelek stol geçirildi
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde «Epidemiologiki çäklendirmeler döwründe 2022-nji ýylda talyplary kabul edişlik kompaniýasy» atly onlaýn tanyşdyrylyş tegelek stoly geçirildi.
Bu onlaýn duşuşyga, Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Tegelek stolyň barşynda Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň professor mugallymlary we ylmy işgärleri çykyş edip, uniwersitetiň aýratynlyklary hem-de talyplaryň okadylyş usullary barada içgin gürrüň berdiler.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.