97
Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary
2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Tatýana Pýu Morenanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna sapary boldy.
Saparyň başynda institutyň rektory G.Ýusupowa bilen Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Tatýana Pýu Morenanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny işläp düzmek babatda özara pikir alşyldy.
Duşuşykdan soňra Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Tatýana Pýu Morenanyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy. Okuw sapagynyň dowamynda hormatly myhman Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň taryhy, medeniýeti we onuň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan daşary syýasaty, şol sanda Türkmenistan bilen Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýetilen sepgitler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi dogrusynda gürrüň berdi.
Okuw sapagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan geljekki halkaraçy hünärmenlere halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ulgamynda bilimlerini has-da artdyrmaga ýardam etdi.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.