625
WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda sagdyn durmuş hem-de milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanun bozulmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyşlar edildi. Şeýle-de raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk ýaly häsiýetlerini terbiýelemek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany oýarmagyň möhümdigi aýratyn bellenilip geçildi.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.