617
Wagyz-nesihat duşuşygy
2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda institutymyzyň talyplary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ynsan saglygyny goramak babatda giň möçberli, il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işler raýatlarymyzda çuňňur buýsanç döredýändigi barada bellediler. Sagdyn bolmak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, säher turup maşk etmegi, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, şeýle hem öz gündelik iýýän naharlaryna esasy azyk önüminden başga iýmitleriň her dürli görnüşlerinden az-azdan goşmaklygyň möhümdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Aýna ÖWEZGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby