572
Wagyz-nesihat çäresi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Berkararlyk etrap häkimliginiň, Berkararlyk etrap Kazyýetiniň, Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýaşlaryň ruhubelentlik ýörelgeleri esasynda terbiýelenmäge bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre gatnaşanlar ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, şäheriň abadançylygyny gorap saklamak, şäheriň arassa bolmagynda her bir nesliň goşandynyň bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyş etdiler. Şeýle hem çykyşlarda raýatlaryň saglygyny goramak, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, hallalyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany oýarmak biziň her birimiziň borjumyzdyr diýip aýratyn bellenilip geçildi.
Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi