594
Wagyz-nesihat çäresi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Berkararlyk etrap häkimliginiň, Berkararlyk etrap Kazyýetiniň, Berkararlyk etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda “Arkadagyň ylhamy - ak şäherim Aşgabat” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre gatnaşanlar merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, şäheriň abadançylygyny gorap saklamak, şäheriň arassa bolmagynda her bir nesliň goşandynyň bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, çykyşlarda arassa, asuda we abadan şäherimiziň gözelliginiň her bir raýatyň ruhuny göterýändigi, raýatlaryň gowy şertlerde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, baýramçylyk günlerinde hem jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kada-kanunlary, uçurymlar babatynda, telefon we internet ulgamyndan peýdalanmagyň düzgünleri barada hem aýratyn bellenilip geçildi.
Altyngözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi