15/03/2023
782
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýewiň, Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýewiň, 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Daýanç Durdyýewiň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradowyň, şeýle hem TKAMM-yň Döwlet edarasynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Aýgözel Pirnazarowanyň, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Baş prokurory Jennet Arazowanyň hem-de Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowanyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ata Watana bolan söýgini döretmek maksady bilen “Ahlak terbiýesi medeni mirasymyzyň gönezligi” ady bilen geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy. Çykyş edenler ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, watansöýüjilik, edermenlik, arassa ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyş etdiler.
Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olary milli ruhda terbiýelemek üçin alnyp barylýan işler barada hem aýratyn durup geçdiler.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň II ýyl talyby.