19/04/2024
756
Ussat diplomatyň fransuz dilindäki okuw sapagy
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Çary Nyýazow institutymyzyň fransuz dilini öwrenýän talyplaryna okuw sapagyny geçdi.
Bu okuw sapagynyň dowamynda ussat diplomat diplomatiýanyň inçe tärlerini öwretmek bilen birlikde, fransuz diliniň sözleýiş usullarynyň hem dürlüdigi barada gyzykly maglumatlary berdi. Şeýle-de, ol fransuz dilini öwrenýän talyplara fransuz dilini bilmegiň peýdaly we bähbitlidigini aýdyp, fransuz dilinde söze başlanynda ilki bilen: “Diplomatiýa – döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň sungatydyr. Ol, esasan, ynandyrmak, ylalaşmak arkaly öz maksadyna ýetýär. Bir döwlet ýa-da döwletleriň birnäçesi jemlenip, bolup geçýän özgerişleri özleri üçin bähbitli akyma ugrukdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa bolsa diplomatiýada “dialog” diýilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, dialog – parahatçylygyň kepili. Bu filosofiýa indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň logiki dowamyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen diplomatlary halkara gatnaşyklarynda bu filosofiýany ilerletmegiň üstünde işleýärler. Şeýle hem, öňüni alyş diplomatiýasyna, onuň parahatçylygy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallaryň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär” diýip belledi.
Bu aýdylanlardan başga-da, okuw sapagy talyplaryň fransuz dilinde beren sowallary bilen has-da täsirli geçdi.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.