30/11/-0001
545
Ulag diplomatiýasy ösüşiň täze tapgyrynda
2022-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk dabarasy geçirildi.
Hoşallyk dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň prorektory G.Penaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy P.Çaryýew, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy O.Seýitjanowa, “Türkmendemirýollary” agentliginiň gatnatmalar we logistika bölüminiň başlygy A.Hudaýberdiýew, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň-Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy A.Aşyrowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Uçarbeletler gullugynyň uçarbeledi Z.Täçmammedowa, hem-de Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Gümrük gözegçiligi guramak bölüminiň müdiriniň orunbasary K.Berdiýew çykyş etdiler.
Çykyşlarda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň häzirki zamanyň ýagdaýlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak babatda milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi hem onuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Dabaranyň soňunda halkara gatnaşyklarynda dostlukly,parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Şeýle hem habar barada goşmaça aşakdaky saýtlarda okap bilersiňiz.
https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60237/ulag-diplomatiyasy-osus-strategiyasy-we-geljegi