Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ilçileriň leksiýalary / UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    25/03/2026

    515

    UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY

    2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary boýunça döwlet ministri Genri Orýem Okellonyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Okuw sapagynyň başynda hormatly myhman Uganda Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekdi. Diplomat öz çykyşynda häzirki zaman dünýäsinde diplomatiýanyň tutýan ornunyň örän uludygyny belläp geçdi. Ol talyplara Uganda Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat berdi. Hususan-da, Afrika yklymyndaky parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda Uganda Respublikasynyň alyp barýan işlerini we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Şeýle-de ol çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ýokary baha berdi.
    Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň baky Bitaraplygy diňe bir sebit däl, eýsem dünýä derejesinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasydyr. Ol geljekki diplomatlara ýüzlenip, Bitaraplyk syýasatynyň halkara jedellerini parahatçylykly ýol bilen çözmekde iň täsirli usuldygyny nygtady. Onuň bellemegine görä, diplomatlar üçin mahsus bolan iň wajyp häsiýetler hökmünde islendik gepleşiklerde sabyrlylygyň hem-de agraslygyň zerurdygyny, daşary ýurt dillerini bilmek we dürli medeniýetlere hormat goýmak arkaly giň gözýetimli bolmagyň wajypdygyny, şeýle hem öz döwletiniň bähbitlerini hemişe birinji orunda goýýan belent watançylyk duýgusynyň bolmalydygyny talyplaryň dykgatyna ýetirdi.
    Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar bilen sorag-jogap alşyldy, onda talyplar özlerini gyzyklandyrýan halkara meseleleri barada sowallar berdiler we hormatly myhman olara anyk jogaplary berip, ýaş diplomatlara geljekki hünärlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Okuw sapagy tamamlanandan soň institut boýunça tanyşlyk geçirildi. Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi bilen tanyşdyryldy. Gezelenç hormatly myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we diplomatik tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK surady

    08/05/2026

    ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
    ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    25/04/2026

    ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK surady

    13/03/2026

    BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI