Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
    Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
    Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
    Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
    Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy
    26/09/2024

    835

    Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tbilisi şäherine üstünlikli sapary: Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyşy we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy

    2024-nji ýylyň 10-14-nji sentýabry aýynda ikitaraplaýyn medeni we bilim başlangyçlaryny has-da giňeltmek boýunça Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň çäklerinde Suhumi döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýöriteleşdirilen otagyň dabaraly açylyşyna gatnaşmakdan ybaratdyr. Bu waka iki ýurduň arasyndaky medeniýetara dialogy we ylmy-akademiki gatnaşyklaryň pugtalanmagynda möhüm ädim boldy.
    Saparyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu bolsa gruzin okyjylarynyň türkmen halkynyň ruhy mirasyna has çuňňur düşünmegine we ony öwrenmegine itergi berer. Magtymgulynyň eserleriniň gruzin diline terjime edilmegi medeni diplomatiýanyň ilerledilýändiginiň aýdyň beýany bolup, munuň özi beýik şahyrymyzyň dünýä medeniýetindäki ornunyň uludygyny görkezýär.
    Bu çäreleriň guramaçylyk geçirilmeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň orny aýratyn uludyr. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan ybarat bolan toparymyzy ýokary myhmansöýerlik bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi medeni diplomatiýanyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagynda möhüm gural bolup durýandygyny aýratyn belledi.
    Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen artistleri milli aýdym-saz we edebi däplerimizi gruzin tomaşaçylaryna görkezdiler. Medeni çykyşlar gruzin tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Bu çäre diňe bir türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän medeni däplerini görkezmän, eýsem, ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly platforma bolup hyzmat etdi.
    Magtymguly Pyragynyň üç asyr mundan ozal wesýet eden agzybirlik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanyp, bu günki gün Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejelere çykarmaga aýratyn gyzyklanma bildirýär. Binýady barha berkidilýän medeni köprüler bolsa iki doganlyk halky birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar. Medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys.

    Annamyrat JUMAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň esasy hünärmeni.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI