653
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyklar
2022-nji ýylyň 27-nji apreli we 3-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: Täze taryhy eýýamyň röwşen geljegine tarap» atly şygar astynda 21, 76, 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary bilen duşuşyklar gurnaldy.
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde gurnagyň agzalary 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda Halkara hukuk ulgamynyň ähmiýeti we milli kanunçylygymyzyň kämil hukuk binýady hakynda täsirli çykyşlar edildi. Bu geçirilen duşuşykda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy M.Gurbannazarowa hem-de Halkara hukugy fakultetiniň talyplary A.Ussaýewa mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasy hakyndaky prezentasiýa bilen, A.Babaýewa, B.Amanberdiýew, A.Babaýew, U.Annagylyjowa bolsa Esasy Kanunymyz hakynda täsirli çykyşlary etdiler.
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Bu geçirilen duşuşykda hem «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň agzalary ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 30 ýylyň dowamynda kämilleşdirilişi barada giňişleýin çykyşlar edildi. Çykyşlarda Esasy Kanunymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet taglymatyny, syýasy köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde eýeleýän orny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy ugurlary barada hem beýan edildi.
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Konstitusiýanyň taryhy, Esasy Kanunymyza häzirki wagta çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem onda adamyň we raýatyň hukuklarynyň berkidilişi hakynda edilen çykyşlarda giňden bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň örän täsirli bolandygyny şeýle hem mekdep okuwçylarynda ýurdumyzyň Konstitusiýasy hakynda we hukuk düşünjesiniň ýokarlanmagynda oňyn täsir berendigini belläp geçmek bolar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, öz esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýar, döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.